Ispaniýada otly bilen 2,5 sagatda baryp bolýan aralyga uçar gatnawynyň çäklendiriljekdigi mälim edildi. Ýurtda howa goýberilýän zyýanly gazlary azaltmak maksady bilen ýola goýuljak täze düzgüne görä, halkara gatnawlary bolan merkezi aeroportlardan başga, demirýol arkaly barmaga mümkinçilik bolan şäherleriň arasyndaky uçar gatnawlary ýatyrylar. Bu mesele ýurtda 2021-nji ýyldan bäri gozgalýardy. Geçen ýyl Fransiýada hem edil şeýle düzgün ýola goýlupdy. Täze düzgünde kiçi göwrümli hususy uçarlaryň ulanylyşynyň azaldylmagy hem göz öňünde tutulýar.