Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň “Hy­un­dai” kom­pa­ni­ýa­sy N se­ri­ýa­sy­na de­giş­li mo­del­le­riň önüm­çi­li­gi­ni do­lu­ly­gy­na ýa­tyr­mak ka­ra­ry­na gel­di. Şeý­le­lik­de kom­pa­ni­ýa “i20 N” hem-de “i30 N” ulag­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi­ni ýa­ty­rar. Mu­nuň se­bä­bi bol­sa, bu aw­tou­lag­la­ryň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän gör­nüş­le­ri­niň bar bol­ma­gy. Bu ulag­la­ryň ýe­ri­ne Ýew­ro­pa ba­za­ryn­da “Ioniq 5 N” mo­de­li sa­ty­lar. Şeý­le hem ýa­kyn gel­jek­de “Ioniq 6” ula­gy­nyň hem elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän tä­ze gör­nü­şi peý­da bo­lar. Ko­reý bren­di 2035-nji ýy­la çen­li di­ňe nol emis­si­ýa­ly ulag çy­kar­ma­gy mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni ha­bar ber­di. Şeý­le bo­lan­soň, kom­pa­ni­ýa için­den ot­lan­ýan he­re­ket­len­di­ri­ji­li ulag­la­ryň önüm­çi­li­gi­ni tap­gyr­la­ýyn azal­dyp, ola­ryň ýe­ri­ne aras­sa ener­gi­ýa­ly ulag­lar çy­kar­mak is­le­ýär.
Kom­pa­ni­ýa elekt­rou­lag önüm­çi­li­gi­ne beý­le­ki aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­ler­den has ir baş­la­dy. Şol se­bäp­li bu ugur­da tej­ri­be­si has ar­tyk, elekt­rou­lag mo­de­li­niň sa­ny bol­sa köp.

Bag­ty­gül Ra­hy­mo­wa, Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň mugallymy.