BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2013-nji ýylyň 20-nji dekabrynda geçirilen 68-nji mejlisinde haýwanat we ösümlik dünýäsiniň ýitip barýan görnüşlerini goramak maksady bilen 3-nji mart Bütindünýä ýabany tebigat güni diýlip yglan edilýär. Ýabany tebigatyň adamlar üçin nähili derwaýysdygy baradaky garaýyşlary ösdürmek, janly-jandarlara bolan söýgini artdyrmak we ösümlik dünýäsine aýawly çemeleşmek bu halkara günüň döredilmeginiň esasy maksady bolup durýar. Şeýle hem tebigata zyýan ýetirýänlere, bikanun aw awlaýanlara hem-de janly-jandarlaryň söwdasyny edýänlere garşy göreşmäge çagyrýar.
Her ýyl Bütindünýä ýabany tebigat güni mynasybetli halkara derejesinde konferensiýalar geçirilýär. Degişli kararlar kabul edilip, Ýer ýüzündäki tebigy ýagdaýlara seljerme berilýär. Ekosistemalaryň gülläp ösmegi, fauna we flora dünýäsiniň geljek nesillere ýetmegi, tebigy gözelliklerden lezzet almak üçin bilelikde iş alyp barmagyň zerurdygy bellenilýär. Munuň üçin bolsa, ilki bilen, tebigata aýawly çemeleşmek hem-de janly-jandarlardyr ösümlikleri goramak gerek. Önümçilik babatda ykdysadyýeti ösen ýurtlarda daşky gurşawy goramagyň kyn düşýändigine garamazdan, birnäçe ugurlarda tebigata zyýanly täsirleri azaltmaga synanyşylýar. Ekologiýa taýdan arassa ýangyç serişdelerini, ekologiýa taýdan arassa ulaglary we «ýaşyl» ykdysadyýeti muňa mysal getirmek bolar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan bellenilmegine görä, Ýer ýüzünde 15 biodürlüligiň ýitip gitmek howpy bar.
Bu ýyl Bütindünýä ýabany tebigat güni «Adamlary we Ýer şaryny birleşdirmek: Tebigaty goramakda sanly innowasiýalary öwrenmek» şygary bilen geçirilýär. Ýer şary köp dürli ösümlikleriň we haýwanlaryň mekany bolup, görnüşleriň arasyndaky deňagramlylygy saklamak esasy şertleriň biri bolup durýar. Dem alýan howamyzdyr içýän suwumyzdan başlap, tebigatdaky ähli serişdeler ýaşamak üçin möhüm. Gynansagam magdançylyk, ekerançylyk we gurluşyk işleriniň alnyp barylýan ýerleri, daşky gurşawyň hapalanmagy, tehnologiýanyň ýerliksiz ulanylmagy ýabany tebigata uly täsirini ýetirýär. Mysal üçin, bir desgany gurmak üçin tebigy gurşawa eýe bolan meýdanyň esli bölegi tekizlenip arassalanýar. Ýol çekilip, ulaglaryň gatnawy ýola goýulýar. Bu ýerde agaçlaryň çapylmagy, ösümlikleriň ýok bolmagy bilen janly-jandarlar «öýüni» taşlap başga ýere göçmeli bolýarlar. Esasan hem, bu ýagdaý Amerika ýurtlarynda has köp duş gelýär. Adamzadyň ýabany tebigata aralaşmagy bilen biodürlülik howp astynda galýar. Birleşen Milletler Guramasy şu ýagdaýlary göz öňünde tutup, biodürlüligi gorap saklamak, ony geljekki nesillere ýetirmek üçin birnäçe işleri alyp barýar. Tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmek baradaky meseleleri ösüp gelýän ýaş nesle düşündirmek BMG tarapyndan alnyp barylýan esasy işleriň biri hasaplanýar. Geçen ýyl Bütindünýä ýabany tebigat güni «Ýabany tebigaty goramak üçin hyzmatdaşlyk» şygary astynda geçirildi.