Ot ýakylanda gyzgynlyk odundaky maddalary bugardyp, gaza öwürýär. Odundan bölünip çykýan gaz howa bilen birleşip, lowlap ýanyp başlaýar. Syn eden bolsaňyz öl odun wagty bilen ýanmaýar. Sebäbi oňa gyzgynlyk wagty bilen täsir edip bilmeýär. Suw ody öçürende ilki bilen bugardyp, gaz bilen howanyň arasyny bölýär. Suw oduň ýylylygyny özüne siňdirip, ýanýan jisimi sowadýar. Suw ýanýan zatlaryň ählisine täsir edip bilmeýär. Ýagny ýangyn wagtynda elektrik enjamlarynyň hem-de ýangyç serişdeleriniň üstüne suw sepmek howpludyr. Şeýle ýagdaýda köpürjikli suw ulanmak ýerlikli hasaplanýar.