BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy Öz­be­gis­ta­nyň 2027-nji ýy­lyň Hal­ka­ra dur­nuk­ly sy­ýa­hat­çy­lyk ýy­ly bol­ma­gy ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy­ny gol­da­dy. De­giş­li ka­rar bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Res­mi­na­ma­da dur­nuk­ly sy­ýa­hat­çy­ly­gyň eko­sy­ýa­hat­çy­ly­gy hem öz içi­ne al­ýan we dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mä­ge gö­nük­di­ri­len köp ta­rap­ly çä­re­di­gi bel­le­nil­ýär. Ka­rar ag­za ýurt­la­ryň dur­nuk­ly ösü­şi çalt­lan­dyr­ma­gyň se­riş­de­si hök­mün­de sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek we gol­da­mak üçin hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy hem öz içi­ne al­ýan äh­li de­re­je­de çä­re­le­riň hö­wes­len­di­ril­me­gi­ni mas­la­hat ber­ýär. Pan­de­mi­ýa döw­rün­de ýit­gi çe­ken­di­gi­ne ga­ra­maz­dan dün­ýä­de sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy gys­ga wagt­da di­kel­di. Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ge­çen ýy­lyň ahy­ry­na çen­li hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň do­la­ny­şy­gy pan­de­mi­ýa­dan öň­ki de­re­jä­niň 88 gö­te­ri­mi­ne ýet­di.

Gur­ban ÇA­RY­ÝEW,
Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Tagtabazar etrap geňeşiniň başlygy.