Alymlar her ýylda dürli jandarlaryň täze görnüşlerini tapýarlar ýa-da ozaldan mälim bolanlaryny atlandyryp, belli bir uruga degişli edýärler. Golaýda alymlar 2011-nji ýylda üstünden barlan «Brachycephalus Pulex» atly gurbaganyň dünýäniň iň kiçi oňurgaly jandarydygyny mälim etdiler. Bu jandar şeýle bir kiçi welin, mäşiň dänesi ýalyrak. Braziliýanyň günortasyndaky Baiýa sebitindäki Atlantik tokaýynda duş gelýän bu jandara «büre gurbagasy» diýilýär. Bu jandar barada «Zoologica Scripta» žurnalynda giňişleýin maglumat berýän makala çap edildi. Bellenilişine görä, alymlar 46 sany «Brachycephalus Pulex» gurbagasynyň ululygyny ölçäpdirler we häzire çenli iň kiçi gurbaga hasaplanýan «Paedophryne Amauensis» bilen deňeşdiripdirler. Netijede, büre gurbagalarynyň «P. Amauensis» gurbagasyndan has kiçidigi anyklanypdyr.
Netijede, «B. Pulex»-iň iň kiçi gurbagadygy mälim edildi. Gür tokaýlarda ýaşaýan bu gurbagalaryň boýy bir santimetre ýetmeýär. Olar köplenç dökülen ýapraklaryň arasynda, tokaýyň aşaky gatlagynda ýaşaýar. Bu jandarlaryň reňki adatça açyk sary ýa-da gyzyl bolýar. Olaryň bedeni duşmanlaryndan goranmak üçin zäher bölüp çykarýar.
Allanur Rüstemow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.