Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamy täze belentliklere eýe bolýar. Ýaş neslimiziň halkara derejesinde döwrebap bilim almagy, giň gözýetimli, zehinli ýaşlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda hereket edýän ylym, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly enjamlary giňden peýdalanyp, bilim berlişiniň hilini dünýä derejesine laýyk getirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Şeýle asylly işleriň çäklerinde ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde daşary ýurt dillerini kämil derejede öwretmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bilim ojaklarynda öwredilýän daşary ýurt dilleriniň hatarynda ýapon diline hem aýratyn ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýapon dilini öwrenýänleriň sany artýar. Ýapon diliniň öwredilmeginde ýurdumyzyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem goşandy uludyr.
140 milliondan gowrak adamyň ene dili bolan ýaponça dünýäde iň köp gepleşilýän on diliň biridir. Ýaponiýadan başga-da, Koreýa ýarym adasynda, Awstraliýada, Braziliýada, Guamda (ABŞ), Gawaýide (ABŞ), Mikroneziýada, Palau Pespublikasynda, Paragwaýda, Peruda, Filippinlerde we Taýwanda ýapon dilli ilat ýaşaýar.
Ýapon dilini öwrenmek köp asyrlyk taryhy öz içine alýar. Ýaponiýanyň özünde ýapon dili boýunça milli lingwistiki däp-dessurlar XVII asyryň ahyrynda döredi. XVI-XVII asyryň dowamynda Ýewropa ýurtlarynda hem ýapon diline bolan gyzyklanma döreýär. Ol hem portugallaryň hasabyna emele gelýär. Şonuň hasabyna 1595-nji we 1603-nji ýyllarda ýapon diliniň ilkinji grammatiki sözlügi döredildi. XX asyrda ýapon dili amerikaly lingwistlerde hem gyzyklanma döretdi. 1940-1950-nji ýyllarda daşary ýurtlarda döredilen ýapon dili mekdepleri bu diliň lingwistika taryhynda täze sahypany açdy.
Russiýanyň çäklerinde ýapon diline gyzyklanma XVIII asyrda başlaýar. 1857-nji ýylda ilkinji ýapon-rus sözlügi döredildi. Ýapon dili bu ýurduň Sankt-Peterburg we Wladiwostok şäherlerine ýaýrady. Umuman, häzirki döwürde tehnologiýa taýdan ýokary ösüş derejelerine ýeten Ýaponiýanyň döwlet diline bolan gyzyklanma has-da artdy.
Magrupguly ALLAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.