Hytaýyň Çžeszýan welaýatynyň Ýunkan şäherinde daglaryň arasynda futbol meýdançasy dartdyrylyp guruldy. Bu ýer jahankeşdeleriň we ýerli ýaşaýjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Bu ekstremal attraksionyň howpsuzdygy bellenilýär. Onuň üstünde birbada 50-den köp adamyň bolmagy gadagandyr. Şeýle hem olaryň her biriniň agramy 90 kilogramdan geçmeli däldigi habar berildi. Bu meýdançanyň myhmanlary toruň üstünde ýatyp, ylgap hem-de top oýnap bilýärler.