Gazy eksport edýän ýurtlaryň forumynyň (GECF) iş toparynyň agzasy Farid Benýahýanyň pikiriçe, dünýäde ilatyň artmagy bilen 2050-nji ýyla çenli tebigy gaza bolan isleg hem ep-esli artar. Bu barada “RIA Nowosti” habar berýär.
-Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, 2050-nji ýyla çenli Ýer togalagynyň ilatynyň sany ýene-de iki milliard adam töweregi köpeler – diýip, ykdysadyýetçi belledi.
-Gaza bolan islegiň artmagy bu pudaga goşmaça maýa goýumlary talap edýär – diýip, Benýahýa aýtdy. Onuň çaklamalaryna görä, zerur maýa goýumlary 9-10 milliard dollara deň bolup biler.
Fewral aýynda Halkara Energiýa Agentligi 2024-nji ýylda global nebite bolan islegiň peseljekdigini çaklady.
Ondan öň Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Aleksandr Nowak nebitiň gymmatyny ýitirmejekdigini, tersine, şeýle ýangyja bolan islegiň 2040-njy ýyla çenli artjakdygyny belledi.