– Gaznanyň döredilmegi barada çözgüt kabul edildi. Saud Arabystanynyň Patyşasynyň saparynyň çäklerinde degişli karara gol çekildi. Gaznanyň hasabyna diňe energetika pudagyna degişli taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär – diýip, energetika ministri Aleksandr Nowak gürrüň berdi.
Ilkinji nobatda, Russiýanyň nebit ulgamynda hyzmat edýän kompaniýalar gaznanyň maliýe çeşmelerinden peýdalanarlar. Rus kompaniýalary Saud Arabystanynda iş alyp baryp, özleriniň tejribelerini paýlaşarlar.
“Gazprom” eksportuny artdyrdy
Russiýanyň iri gaz kompaniýasy “Gazprom” 2017-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda tebigy gaz eksportuny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 11,3 göterim artdyryp, 141,2 milliard kubometre ýetirdi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär. Kompaniýa 2025-nji ýyla çenli “Sila Sibir” gaz geçirijiniň kuwwatyny 38 milliard kubometre ýetirmegi meýilleşdirýär.
Hususan-da, kompaniýa degişli döwürde eksportuny Germaniýa 10,7 göterim, Awstriýa 54 göterim, Çehiýa 28,4 göterim, Slowakiýa 31,3 göterim, Fransiýa 7,1 göterim artdyrdy.
Mundan başga-da, ýanwar-sentýabr aýlary boýunça tebigy gaz önümçiligi hem 2016-njy ýylyň hasabat döwri bilen deňeşdirilende, 19,1 göterim artyp, 339,8 milliard kubometre barabar boldy.
Kompaniýanyň ýolbaşçy düzümi awgust aýynda beren beýanatynda 2017-nji ýylda tebigy gaz önümçiligini 460 milliard kubometre ýetirmegi göz öňünde tutýar. 2016-njy ýylda bu görkeziji 419,7 milliard kubometre deň boldy.
Tebigy gaz gory boýunça öňdebaryjy
Russiýa Federasiýasy tebigy gaz gory boýunça dünýäde öňdeligi eýeleýär. Ol bu ugurda sanawyň birinji ornunda bolup, 48,7 trillion kubometre barabar gaz goruna eýedir. Bu ugurda ikinji orunda 33,6 trillion kubometr gory bilen Eýran, üçünji orunda bolsa, 24,7 trillion gory bilen Katar barýar. Bu barada “Innov.ru” neşiri habar berýär.
Ýaponiýa bilen haryt dolanyşygy
8,4 milliard dollar
Russiýa Federasiýasy Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygy şu ýylyň birinji ýarymynda 8,4 milliard dollara deň boldy. Bu barada Ýaponiýanyň Kioto şäherinde geçirilen “Jemgyýetde ylym we tehnologiýa” atly forumda çykyş eden Russiýanyň wise-premýeri Arkadiý Dworkowiç habar berdi.
– Ýaponiýa biziň esasy sebit hyzmatdaşymyz. Hyzmatdaşlygymyzy has-da ösdüreris. Premýer-ministr Sindzo Abeniň teklip eden ykdysady hyzmatdaşlyk meýilnamasyny durmuşa geçireris – diýip, Dworkowiç gürrüň berýär.
“Jemgyýetde ylym we tehnologiýa” atly forum her ýyl Kioto şäherinde dünýäniň dürli ýurtlaryndan hökümetleriň, kompaniýalaryň hem-de ylmy merkezleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýär.