Germaniýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Baýer” ýeňlişsiz ýörişini dowam etdirip, myhmançylykda “Köln” toparyny Frimpong hem-de Grimaldonyň gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňdi. Soňky 11 ýylyň çempiony “Bawariýa” myhmançylykda “Fraýburg” bilen duşuşyp, 2-1 öňe saýlanandygyna garamazdan, soňky minutlarda bu üstünligini gorap bilmän, 1 utuga razy boldy. Bu netijelerden soň “Baýer” bilen “Bawariýanyň” arasyndaky utuk aratapawudy 10-a çykdy.

Titsiň hem-de Demirowiçiň hersiniň 2 gol geçiren oýnunda “Augsburg” myhmançylykda “Darmştadt” toparyndan 6-0 üstün çykdy. Dortmundyň “Borussiýasy” myhmançylykda “Union Berlini” Adeýemi hem-de Maatseniň gollary bilen 2-0 ýeňdi. “Leipsig” hem myhmançylykda “Bohum” toparyny 4-1 hasabynda ýeňlişsiz sezewar etdi. Girassiniň 2 gol geçiren oýnunda “Ştutgart” myhmançylykda “Wolfsburg” toparyny 3-2 hasabynda utdy.

Fraýburg – Bawariýa: 2-2 (Günter 12, Hýoler 87 – Tel 35, Musiala 75),

Bohum – Leipsig: 1-4 (Wittek 7 – Olmo 30, Openda 68, Ordets 71 ö.d., Poulsen 73),

Darmştadt – Augsburg: 0-6 (Tits 2, 84, Ýensen 12, Demirowiç 20, 29, Wargas 25),

Maýns – Borussiýa M: 1-1 (Burkardt 12 – Ngumu 55),

Union Berlin – Borussiýa D: 0-2 (Adeýemi 41, Maatsen 90),

Haýdenhaým – Aýntraht: 1-2 (Piringer 59 – Gimber 39 ö.d., Nkunku 49),

Wolfsburg – Ştutgart: 2-3 (Mele 50, Nmeça 83 – Girassi 14, 54 p, Wagnoman 77),

Köln – Baýer: 0-2 (Frimpong 38, Grimaldo 73),

Hoffenhaým – Werder: 2-1 (Baýer 8, 44 – Aliwero 90+2)