Şu ýy­lyň 4-nji okt­ýab­ryn­da dün­ýä­niň il­kin­ji eme­li hem­ra­sy­nyň älem gi­ňiş­li­gi­ne ug­ra­dyl­ma­gy­na 60 ýyl dol­dy. Ozal­ky SSSR-de ön­dü­ri­len şol en­jam ar­ka­ly adam­zat ta­ra­pyn­dan älem gi­ňiş­li­gi öw­re­ni­lip baş­lan­dy. Il­kin­ji eme­li hem­ra­ny dö­ret­mek işi­ne 1950-nji ýyl­lar­da gi­ri­şil­di. Onuň il­kin­ji uçu­şy 92 gün do­wam et­di. 1957-nji ýy­lyň 4-nji okt­ýab­ryn­da ol Baý­ko­nur kos­mod­ro­myn­dan älem gi­ňiş­li­gi­ne uçu­ryl­dy.
4 aý­dan soň­ra 1958-nji ýy­lyň 1-nji few­ra­lyn­da Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry “Eksp­lo­rer-1” il­kin­ji eme­li hem­ra­sy­ny kos­mo­sa iber­di. Şeý­le­lik­de, ozal­ky SSSR bi­len ABŞ il­kin­ji kos­mo­sy äle­me uçu­ran ýurt­lar bol­dy.
Hä­zir­ki wagt­da älem gi­ňiş­li­gin­de müň­ler­çe eme­li hem­ra­lar bar. Her ýyl 4-nji okt­ýabr­da il­kin­ji eme­li hem­ra­nyň uçu­ryl­ma­gy­na ba­gyş­la­nyp Bü­tin­dün­ýä kos­mos hep­de­li­gi ge­çi­ril­ýär.