Gündelik diýlip, diňe öýe berlen ýumuşlara we okuwçynyň ýetişigine baha berilýän depderçä däl-de, öz pikiriň, başdan geçiren wakalaryň we arzuw-hyýallaryň barada ýazylýan depdere hem aýdylýar. Bilermenler durmuşyňyzda bolup geçen wakalary, bir ýere gideniňizde gören zatlaryňyzy, durmuşyňyza täsir edip biljek sözleri, duýgularyňyzy yzygiderli «hasaba almagyň» adamyň ruhy saglygyna oňyn täsir edýändigini belleýärler. Eýsem, gündelik tutmagyň nähili peýdaly taraplary barka?
Ýadawlygy azaldýar. Duýgularyňy hem-de ilkinji gezek başdan geçiren wakalaryňy öz sözleriň bilen ýazmak, belli bir derejede ruhy dartgynlylygy aradan aýyrýar. Bilermenler munuň täsirli bolmagy üçin yzygiderli gündelik ýöretmegi maslahat berýärler.
Ýatkeşlige täsiri. Gündelik ýöretmek, wagtyň geçmegi bilen unudylan, emma siziň durmuşyňyz üçin ähmiýetli zatlary ýatda saklamaga ýa-da ýatdan çykan bolsa, ony tapmaga mümkinçilik berýär.
Özüňi tanamaga ýardam edýär. «Özüni tanan weli» diýlen bir jümle bar. Gündelik ýöretmek pikirleriňize we duýgularyňyza gaýtadan seretmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa, özüňi tanamaga ýardam eder.
Tehnologiýadan uzaklaşdyrýar. Häzir tehnologiýanyň ösmegi fiziki işleriň köpüsini aňsatlaşdy. Muňa garamazdan, köp adam wagtynyň azdygyndan zeýrenýär. Uludan-kiçä köp adam bolsa, wagtynyň agramly bölegini haýsydyr bir ekranyň garşysynda geçirýär. Şeýlelikde, biziň işimizi ýeňilleşdirýän tehnologiýa wagtymyzy hem alýar. Günüň dowamynda özümiz üçin amatly wagtda bir gyra çekilip, eliň bilen hat ýazmak adamy tehnologiýadan uzaklaşdyryp, öz-özüň bilen ýüzbe-ýüz bolmaga mümkinçilik berýär.
Döredijilige peýdasy. Diňe edebi döredijilik däl, eýsem, adam gündelik durmuşynda ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmek üçin hem haýsydyr bir zady oýlap tapmaly, döretmeli bolýar. Ýazýan wagtyň täze pikirleriň döremegi mümkin. Bu «açyş» iş, okuw, maşgalaňyz bilen bagly täze pikirleriň, maksatlaryň ýa-da arzuw-hyýallaryň döremegine getirip biler.