Nesip bolsa sanlyja günlerden il içinde aýlaryň ýagşysy hasaplanýan mukaddes Remezan aýyny garşy alarys.
Aýlaryň ýagşysy, sogaplar hazynasy, ýagşylyklar menzili bolan Remezan aýy musulman dünýäsinde mukaddes aýlaryň biri hasaplanylýar. Bu aýda ulus-ilimiz agzybirlikde oraza tutýar, agyz bekleýär. Bu mukaddes aýyň golaýlap gelmeginiň ilkinji buşlugy çagajyklaryň goňşy öýlere aýlanyp remezan aýdyşlary bolar. Bu dessurlar türkmen halkynyň gadymdan gelýän dessurlarydyr.
Oraza geldi haý bilen,
Bir meleje taý bilen,
Taýym batga batanda,
Çykaryň haý-haý bilen.
Biz-ä sizi baý gördük,
Tüýnügňizde Aý gördik,
Altyn bilen apardyk,
Kümüş bilen gopardyk…
diýip, aýlanýan çagalaryň şatlykly sesleri mukaddes aýyň iň şadyýan günlerine öwrüler.
Remezan aýynda agyz beklemek, oraza tutmak musulmançylygyň bäş parzynyň biri bolup, ol ilkinji nobatda, dini garaýyşlara görä, Beýik Biribaryň eçilen nygmatlaryna şükür etmek, durmuşy gatnaşyklaryň many-mazmunyna düşünmek, nebisjeňligi ýeňmek ýaly düşünjeleri terbiýelemek bilen birlikde, ynsan saglygy üçin hem örän peýdaly ýörelgedir. Bu aýyň kerem-keramaty hem, haýyr-sahawaty, ýagşylyk maksatlary-da oraza tutmak bilen baglanyşyklydyr.
«Oraza» pars sözi bolup, aslynda araplaryň «Sawm» diýen sözi bilen aňladylýar we ol «Bir zatdan daş durmak, özüňi saklamak, böwet bolmak» ýaly manylary berýär. Agyz beklemegiň amal edilmeginde-de şu manynyň açylmagyny görmek bolýar. Oraza jümlesiniň has düşnükli dilde düşündirilişi «Bir zatdan saklanmak» diýmekdir.
Bu mukaddes aýda has köp ýagşylyk etmäge çalyşmaly, çünki aýyň sogaby beýleki aýlaryňkydan has köp bolýar. Birek-birege mähirli, hoşgylaw bolmaly. Ýardama mätäç bolsa, ýagdaýymyz boldugyndan kömek etmeli. Ata-enelerimiz, dogan-garyndaşlarymyz, dost-ýarlarymyz bilen habarlaşyp, hal-ahwal soraşyp durmaly. Bu aýda hassalaryň ýagdaýyny soramagyň, olara goldaw-hemaýat etmegiň, ýagşy günlere, ýagty geljege umytlandyrmagyň hem has uly sogaba eýe edýändigi nygtalýar.
Agyz beklemek iýmit siňdiriş ulgamynyň işini ýeňilleşdirýär. Orazanyň saglygymyz üçin ähmiýetli taraplarynyň ýene-de biri, bedendäki ýarawsyz we gowşak öýjükleriň dargap, täze öýjükleriň sanynyň artýanlygydyr. Mahlasy, bu aýda agyz beklemek her bir musulman üçin uly sogap bolup, saglygyň has berkemegine, bedeniň çydamlylyga endik etmegine sebäp bolýar.
Goý, mukades Oraza aýynda okaljak doga-dilegler, beriljek sadaka-pitreler, ediljek päk arzuw-niýetler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
Maýa GURBANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň maliýe bölüminiň esasy hünärmeni,hasapçysy.