Ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
Şu nukdaýnazardan Sanly bilimi ösdürmek, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, talyplaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklaryny ýüze çykarýar. Biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplary hem okuw sapaklarynda, şeýle hem sapakdan daşary işlerde sanly bilimiň gazananlary, ondan peýdalanmagyň usullary hakynda düşünjelerini yzygiderli artdyrýarlar, innowasion gollanmalary we maksatnamalary öwrenýärler. Häzirki zaman innowasion tehnologiýalarynyň bilimi kämilleşdirmekdäki hyzmaty we ähmiýeti ylmy maslahatlaryň, sergileriň, onlaýn söhbetdeşlikleriň netijesinde ýaşlara düşündirilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmak boýunça işler ýörite düzülen meýilnamalar esasynda amala aşyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamynyň innowasion tehnologiýalar bilen çalt depginde ösýändigine şaýatlyk edýär. Bu möhüm resminamalara laýyklykda, milli bilim ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy ylym merkezleriniň tejribesini ornaşdyrmak arkaly, innowasion tehnologiýalar merkezleri döredilýär. Netijeli sanly bilim ulgamynyň döredilmegi bilen adamyň ylmy kuwwatynyň güýji görnetin artýar. Ykdysadyýetde we beýleki ulgamlarda innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen ýurdumyzyň ösüşini has-da işjeňleşdirmäge mümkinçilikler döredilýär. Olaryň düzgünleriniň talaplarynda milli bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda sanly maglumatlar tehnologiýasy ornaşdyrylýar. Bu ugurda bilimiň düzümlerinden täze tehnologiki usulyýetleri döretmek talap edilýär.
Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalary, ylmyň, önümçiligiň, senagatyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, nano, bio we maglumat, sanly we «akylly», kiberhowpsuzlyk, emeli aň we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, kompýuter, mobil programmalaryny döretmek, ylmyň gazananlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, innowasion tehnologiýalary döretmäge ýaşlary işjeň çekmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan uniwersitetiň garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işleýän «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezi dörediler. Bu merkez «Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary we innowasion tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Hereketleriň meýilnamasynda» göz öňünde tutulan halkara innowasiýa merkezlerini, tehnoparklary döretmekde dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrener hem-de kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirer.
Ýokary okuw mekdebimiziň talyplary halkara internet olimpiadalaryna hem işjeň gatnaşyp, halkara derejesindäki «Erudit», «Mega-Talant» ýaly ylym-bilim merkezleriniň her ýyl guraýan internet bäsleşiklerinde talyplarymyz birnäçe diplomlara, şahadatnamalara, Hormat hatlaryna eýe bolýarlar. Bu bolsa ýaşlaryň ylym-bilim başarnyklarynyň dünýä derejesi bilen aýakdaş gidýändigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda onlaýn görnüşinde geçirilýän döwlet ders bäsleşiklerinde hem biziň talyplarymyz öňdäki orunlary eýelemegi başarýarlar. Bu işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesil hakynda edýän taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Çünki ýurdumyzyň bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagynyň esasynda ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şeýle hem bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Bize şular ýaly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň tutýan tutumly işleri rowaç alsyn.
Jemile Beghanowa,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.