Dünýäniň köp ýerinde suwuň ýüzünde Gün panelleri oturdylyp, elektrik energiýasy öndürilýär. Kölüň ýa-da deňziň üstünde gurulýan şeýle desgalar beýleki elektrik öndüriji desgalar bilen utgaşykly ýagdaýda hem peýdalanylýar. Bu desgalar kölüň ýüzünde gurlanda bugarmagyň öňüni alyp, daşky gurşawa ýene bir peýda getirýär. Hytaýyň “Dongfang” halkara kompaniýasy Tailandyň Khonken welaýatyndaky Ubolratana howdanynda şeýle desgalaryň biri guruldy. Iki ýurduň kompaniýalarynyň bilelikde durmuşa geçiren taslamasynda suwuň ýüzündäki Gün panelleri gidroelektrik beket bilen utgaşykly işledilýär. Şeýle hem öndürilen elektrik energiýasyny zerur wagtda ulanmak üçin saklaýan batareýalar hem göz öňünde tutulypdyr. Tailandyň elektrik önümçilik edarasy şeýle taslamalaryň sanyny artdyrmagy göz öňünde tutýar. Ýurtda mundan ozal hem şeýle taslamalaryň biri durmuşa geçirilipdir.

Ýagşymyrat Baýramow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.