Her kim 8-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýakynlaryna: ejesine, enesine, mamasyna, aýalyna, gyzyna, uýasyna gül sowgat etmek isleýär. Zenan maşgalalaryň köpüsiniň güli halaýandygy sebäpli, gül çemeni iň ajaýyp sowgatlaryň biri hasaplanýar. Gül sowgady dil bilen beýan edip bolmaýan duýgularyň açary bolup, ýakynlygy, söýgini, mähiri aňladýar. Köplenç gül dükanyna baranymyzda al-elwan gülleriň içinde «başyň aýlanyp», haýsy güli saýlajagymyzy bilmän ikirjiňlenip durýarys. Eýsem, kime nähili gül sowgat etmeli? Gül saýlananda nämelere üns bermeli?
Ilki bilen gül sowgat bermek isleýän adamyňyzyň ýaş aýratynlygy göz öňünde tutulmaly. Mysal üçin, kiçi ýaşly gyzlara ownuk gülli, dürli reňkli güllerden düzülen çemen sowgat berilse, ýerlikli bolar. Orta ýaşly aýal-gyzlar hem dürli reňkli gül çemenini halaýarlar. Ýöne olar üçin ownuk güller däl-de, bägül ýa-da golland güllerinden taýýarlanan desse saýlansa, has gowy bolar. Uly ýaşly zenan maşgalalar köplenç birsydyrgyn reňkli, esasan hem, gyzyl bägüllerden düzülen gül çemeniniň sowgat edilmegini gowy görýärler.
Gül saýlananda üns bermeli esasy zatlaryň biri hem, gül sowgat etmek isleýän adamyňyzyň size ýakynlygy. Ýagny maşgala agzaňyzmy, söýýän adamyňyzmy, dostuňyzmy, işdeşiňizmi ýa-da tanyşlaryňyzmy? Gülleriň dürli reňkleriniň bolşy ýaly, her reňkiň aňladýan manysy hem bar. Şol sebäpli gül saýlanyňyzda gülleriň reňkine hem üns bermeli:
Gyzyl bägüller söýgini, hyjuwy aňladýan romantik güller bolup, esasan hem, iň ýakyn adamlaryň üçin saýlanýar.
Gülgüne güller minnetdarlygy, haýran galmaklygy aňladyp, şeýle reňkli gül çemenini tanşyňyza ýa-da işdeşiňize sowgat edip bilersiňiz.
Ak güller bigünäligi, kimdir biri bilen ylalaşyk gazanmagy aňladyp, ak gülleri kimdir biriniň göwnüne degen bolsaňyz ýa-da araňyzda oňşuksyzlyk bolan zenan maşgala berip bilersiňiz.
Gyrmyzy güller şadyýanlygy, joşguny aňladyp, özüni işeňňir we şadyýan zenan maşgalalar üçin saýlansa, has ýerlikli bolar.
Sary güller ýakynlygy, ýylylygy we duýgudaşlygy aňladyp, köplenç dostlaşmak isleýän zenan maşgalaňa berilýär.
Garyşyk reňkli güller dürli duýgulary aňladyp, tanyşlaryňa ýa-da kiçi ýaşly gyzjagazlara sowgat berlip bilner.
Eger-de tanamaýan zenan maşgalaňyza gül sowgat etmek isleýän bolsaňyz, onuň haýsy reňkli güli halaýandygyny bilmeýän bolup bilersiňiz. Şeýle ýagdaýda şol zenanyň haýsy reňkli egin-eşikleri köp geýýändigine üns beriň we şol reňkde gül saýlaň!
Onda näme, ýakynlarymyz üçin gül sowgat alan bolsak, olary gutlaýmak galýar. Mähriban zenanlar, güler ýüzli gyz-gelinlerimiz, nurana ýüzli enelerimiz! Ýetip gelen, 8-nji mart – Halkara zenanlar günüňiz gutly bolsun!