Täze görnüşli bu kompýuter syçanjygy innowasion tehnologiýanyň täsin önümi bolup, elleriň hereketini ýeňilleşdirmek we uzak wagt ulanylanda hem ýadawlygynyň öňüni almak üçin niýetlenendir. Täsin dizaýnly syçanjygyň dik görnüşde bolmagy ulanyjylar köpçüligi üçin has oňaýly bolar. Enjamyň “Bluetooth”-a baglanma mümkinçiligi, 7 düwmesi, optiki sensory we AA batareýasy bar. Simsiz birigýän enjam tegmilleri we barmak yzlary galdyrmazlyk üçin ýörite materialdan ýasalypdyr. Syçanjygyň hili ýokary bolup, ähli düwmeleri sessiz hereket edýär. Onuň gapdalyndaky düwmeleri, halkajygy hem sessiz we ähli düwmeleri ýumşak basylýar. Enjamyň ýokarsynda DPI-leri görkeziji oturdylandyr. Bu görkeziji size batareýany haçan çalyşmalydygyny görkezer. Öndürijileriň berýän maglumatlaryna görä, bir batareýa bilen, 18 aýa çenli işlemek bolýar. Syçanjyk 10 minut hereketsiz goýulsa, ol energiýasyny tygşytlamak maksady bilen awtomatik ýagdaýda öçýär. Syçanjyk MAC we “Windows” amaly ulgamynda işlemäge ukyplydyr. “Ugreen MU008” syçanjygy wagtynyň köp bölegini kompýuteriň başynda geçirýänleriň elleriniň ýadamazlygy üçin örän peýdaly bolar.
Şanazar HYDYROW, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.
PDF









