Hepdäniň duşenbe güni, ýagny 11-nji martda irden kino sungatynyň iň uly baýragy hasaplanýan Oskar baýraklarynyň 96-njy gowşurylyş dabarasy geçiriler. Dabarany meşhur komediýasy Jimmi Kimmel alyp barar. Los Anjelesdäki “Dolby” teatrynda geçiriljek dabara Aşgabat wagty bilen 05:00-da başlanar.

Amerikan kino sungaty we bilimi akademiýasy tarapyndan 1928-nji ýyldan bäri yzy üzülmän gowşurylyp gelinýän Oskar baýraklary 23 ugur boýunça berilýär.

Ýylyň şowly çykan ekran eseri “Oppenhaýmer” (Oppenheimer) filmi 13 ugur boýunça dalaşgär görkezildi. “Oppenhaýmer” 13 ugurdan dalaşgär görkezilen 14-nji kino hökmünde bellenildi . Film ýene 1 ugurdan dalaşgär görkezilen bolsa, onda Kristofer Nolanyň bu kinosy rekorda şärik bolardy. Şu wagta çenli 3 film iň köp ugur boýunça dalaşgär görkezilipdi. 1950-nji ýylda “Ewa barada hemme zat” (All About Eva), 1997-nji ýylda “Titanik” (Titanic) hem-de 2016-njy ýylda “La-La Lend” (La La Land) filmleri 14 ugurdan dalaşgärlige hödürlenipdi. “Titanik” 11 ugurdan ýeňiji bolan bolsa beýleki 2-si 6 heýkeljik gazandy.

Ilkinji gezek hem-de rekordlar

Oskaryň taryhynda ilkinji gezek 3 zenan režissýoryň surata düşüren kinolaryň iň gowy film baýragyna hödürlendi. Greta Gerwig “Barbi” (Barbie), Selin Son “Öten günler” (Past Lives) hem-de Žýustin Trie “Ýykylmagyň anatomiýasy” (Anatomy of a Fall) filmleri bilen dalaşgär görkezilen zenan režissýorlardyr. 5 ýyldan bäri iň gowy film baýragyna dalaşgär görkezilýän ekran eserleriniň azyndan birini zenan režissýorlar surata düşürdi. Žýustin Trie iň gowy režissýor baýragyna dalaşgär görkezilen 8-nji zenan boldy. Iň gowy film baýragyna dalaşgär görkezilen filmleriň 7-sinde zenan prodýuserler bar.

“Oppenhaýmer” bilen “Barbi” filmleriniň (Barbenhaýmeriň), ýagny bir günde prokata giren 2 kinonyň dalaşgär bolmagy-da Oskaryň taryhynda ilkinji gezek duş gelinýän hadysa diýlip bellenilýär. Iki film 6 ugur boýunça özara bäsleşerler.

“Maestro” filminiň prodýuserleriniň biri bolan meşhur režissýor Stiwen Spilberg 13-nji gezek iň gowy film baýragyna dalaşgär görkezilip, bu babatda öz rekordyny täzeledi. “Maestro” filminiň režissýory hem-de baş keşbini janlandyryjy Bredli Kuper 2018-nji ýylda “Ýyldyz dogýar” (Star is Born) filmi bilen hem iň gowy režissýor hem-de iň gowy aktýor baýragyna dalaşgär görkezilen 15-nji sahsyýet bolupdy. Ol bu başarnygyny 2-nji gezek gaýtalan 5-nji kişi boldy.

“Amerikan hekaýasy” filminiň artistleri – Jeffri Raýt hem-de Sterling K. Brown iň gowy aktýor we ikinji plandaky iň gowy aktýor baýraklaryna dalaşgär görkezildi. Olar bir filmde surata düşüp, bu iki ugur boýunça Oskara dalaşgär görkezilen ilkinji garaýagyz aktýorlar hökmünde hasaba alyndy.

“Gyzyklanma zolagy” filmini surata düşüren Jonatan Gleýzer iň gowy režissýor, iň gowy adaptirlenen ssenariý hem-de iň gowy halkara film baýraklaryna dalaşgär görkezilen ilkinji britaniýaly kino işgäri boldy. “Gyzyklanma zolagy” bilen “Ýykylmagyň anatomiýasy” filmleri 5 ugurdan dalaşgär görkezildi. Ady agzalan bu ekran eserileri iň gowy film baýragyna dalaşgärlige hödürlenen iňlis dilinde bolmadyk kinolar bolup, olaryň 2-sinde hem baş keşbi germaniýaly aktrisa Sandra Hüller janlandyrýar.

Iki Stounyň biri Oskary alar

Emma Stoun (“Görgüli betbagtlar”, Poor Things) tanymal aktrisa Fransis MakDormanddan (“Çarwadarlaryň mekany”, Nomadland) soň bir kino bilen iň gowy aktrisa hem-de iň gowy film baýragyna dalaşgär görkezilen ilkinji aktrisa we prodýuser boldy. MakDormand 2021-nji ýyldaky şol filmi bilen 2 ugurda-da Oskar baýragyny gazanypdy. Ýeri gelende, “La-La Lend” filmindäki keşbi bilen iň gowy aktrisa saýlanan Emma Stounyň 2-nji Oskaryny almagyna hem garaşylýar. Bu ugurda onuň iň esasy bäsdeşi Lili Gladstoun hasaplanýar.

5 dürli ugurda dalaşgär 

Tanymal režissýor Wes Andersonyň “Henri Şugaryň ajaýyp hekaýasy” atly ekran eseri gysga metražly iň gowy film baýragyna dalaşgär görkezildi. Ussat režissýor 5 we 5-den köp ugur boýunça dalaşgär görkezilen 3-nji kino işgäri boldy. Ol mundan öňki filmleri bilen iň gowy film, iň gowy režissýor, iň gowy asyl ssenariý hem-de iň gowy animasiýa baýraklaryna dalaşgärlige hödürlenipdi.