Arheologlar Pompeide Gelle we Friks baradaky mifologik taryhy wakany suratlandyrýan 2 müň ýyllyk abat saklanyp galan freskany tapdylar. Arheologlar XVIII asyrda Leda öýünde deslapky gazuw-agtaryş işlerini geçirensoňlar bu ýerdäki işler diňe 2018-nji ýylda gaýtadan başlandy.
-Bu abat saklanyp galan ajaýyp freskadyr – diýip, Pompei arheologiýa seýilgähiniň müdiri Gabriel Suhtriegel aýtdy.
Rowaýata görä, uçýan altyn goç Gella we Friksi öldürmekçi bolýan öweý ejesinden halas edýär. Emma Gella deňziň üstünden uçup barýarka goçdan ýykylyp gark bolýar. Freskde şol pursat şekillendirilýär: Gella suwa çümüp barýarka doganyna elini uzadýar.
Ledanyň öýüniň demirgazyk böleginde alty otag bar. Arheologlar freskanyň tapylan günorta böleginde henizem gazuw-agtaryş işlerini geçirýärler. “History Blog”-yň maglumatlaryna görä, arheologlar “desganyň doly ýerleşişine düşünmäge” umyt edýärler.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawy hökmünde Pompei Italiýanyň iň köp syýahat edilýän ýeri bolup, Rimdäki Kolizeýden soň ikinji ýerde durýar. Suhtriegeliň “The Guardian”-yň habarçysyna aýtmagyna görä, Leda öýi ýakyn ýyllarda hemmeler üçin açyk bolar.