AFK Çempionlar Ligasynda super ýyldyz Kristiano Ronaldonyň çykyş edýän “Al Nassr” topary ýaryşdan çykdy. Çärýek finalyň jogap oýnunda öz meýdançasynda BAE-niň “Al-Ain” topary bilen duşuşan “Al Nassr” penaltileriň netijesinde asgyn geldi. 1-nji oýunda “Al-Ain” 1-0 hasabynda ýeňipdi. Çekeleşikli geçen jogap duşuşygynyň esasy wagty 3-2 hasabynda tamamlandy. “Al-Ain” topary 1-nji oýundaky ýeke-täk goly geçiren Rahiminiň 28-nji hem-de 45-nji minutlarda tapawutlanmagynda 2-0 öňe saýlandy. “Al Nassr” 45+5-nji minutda Garibiň goly bilen aratapawudy 1 gola düşürdi.

2-nji ýaryma gol bilen başlan “Al Nassr” topary Eisanyň 51-nji minutdaky awtogly esasynda hasaby deňledi. Oýnuň 72-nji minutynda-da braziliýaly goragçy Telles “Al Nassr” toparyny öňe çykardy. 2 oýnuň netijesi boýunça hasap deňlenip, goşmaça 30 minut oýnalmaly edildi. 103-nji minutda Al-Şamsi myhmanlaryň 3-nji goluny geçirdi. 118-nji minutda-da 60-njy minutda topy boş derwezä gönükdirip bilmedik Ronaldo penaltini dürs ýerine ýetirip, täzeden umumy hasaby deňledi. Oýundan soňky penaltilerde bolsa “Al Nassrda” diňe Ronaldonyň urgusy dürs bolup, Brozowiç, Telles, Otawio dagynyň urgulary takyk bolmady.

Netijede, penaltilerde 3-1 hasabynda ýeňiş gazanan argentinaly ozalky meşhur futbolçy Hernan Kresponyň tälim berýän “Al-Ain” topary ýarym finala çykdy. “Al-Ain” toparynyň ýarym finaldaky garşydaşy-da Saud Arabystanynyň başga bir topary – “Al Hilal” ýa-da “Al-Ittihad” bolar. 1-nji duşuşykda Al Hilal 2-0 hasabynda ýeňipdi. Jogap duşuşygy şu gije oýnalar.