Nebit-gaz ýataklaryna baý bolan Norwegiýada birnäçe kompaniýa arassa energiýa pudagynda iş alyp barýar. Şolaryň biri bolan “Equinor” kompaniýasy Braziliýada önümçilik kuwwaty 531 MW bolan täze bekedi işe girizdi. Taslamanyň durmuşa geçirilmegine “Scatec” we “Norsk Hydro” kompaniýalary hem gatnaşdy. Mendubim Gün energiýa bekedinde öndürilen elektrik energiýasynyň 60 göterimi alýumin zawodynda peýdalanylar. Galan bölegi Braziliýanyň içerki bazaryna iberiler. “Equinor” kompaniýasy täze açylan bekediň ýurtdaky gaýtadan dikeldilýän energiýa önümçiligini 30 göterim artdyrar.
Täze elektrik bekedi her ýylda 1,2 terawat/sagat (TWh) elektrik öndürer.
Azat Ýazdurdyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.