ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň Energetika maglumatlary edarasynyň (EIA) maglumatlaryna görä, ABŞ-da nebitiň çykarylyşy alty ýyl bäri ähli ýurtlaryň önümçilik derejesinden ýokary boldy.
“ABŞ-da nebitiň çykarylyşy, kondensaty hem goşmak bilen, 2023-nji ýylda ortaça günde 12,9 million barrel bolup, 2019-njy ýylda goýlan günde 12,3 million barrel derejedäki öňki ABŞ we dünýä rekordyny täzeledi. Esasan-da, ABŞ-da nebitiň ortaça aýlyk çykarylyşy 2023-nji ýylyň dekabr aýynda bir günde 13,3 million barrelden gowrak bolup, rekord derejä ýetdi” diýlip maglumatlarda bellenilýär.
“ABŞ-nyň nebit önümçiliginiň rekordyny ýakyn wagtda hiç kim täzeläp başarmasa gerek, sebäbi beýleki ýurtlaryň hiç biri günde 13 million barrel derejede önümçilik kuwwatyna ýetmedi” diýip, EIA hasaplaýar.
“2023-nji ýylda ABŞ, Russiýa we Saud Arabystany bilelikde dünýäde nebitiň çykarylyşynyň 40 göterimini (günde 32,8 million barrel) emele getirdi. Bu üç ýurt 1971-nji ýyldan bäri beýleki islendik ýurtdan has köp nebit öndürýär” diýip, ABŞ-nyň Energetika ministrligi belleýär. Deňeşdirmek üçin, indiki üç uly nebit öndürijisi – Kanada, Yrak we Hytaý bilelikde 2023-nji ýylda günde 13,1 million barrel çykardylar.