Täjigistan GDA agza ýurtlaryň arasynda ilat sanynyň ösüşi boýunça birinji orny eýeledi. Soňky 30 ýylda Respublikada ilat iki essä golaý köpeldi. Bu barada «MIR 24» web saýty habar berýär. Bäş ýylda paýtagt Duşenbede çaga dogluşy 80 göterim ýokarlanyp, bu ýagdaý bütin ýurtda deň derejededir. Ýurtda ilatyň ortaça ösüşi ýylda 200 müň adama deň diýlip, habarda bellenýär.
Täjigistanyň 10 million 277 müň ilaty bar. Olaryň ýarysyndan gowragy erkekler. Her 100 gyz bäbek üçin Respublikada 110 oglan dünýä inýär. Ilatyň köpelişi boýunça Täjigistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ilkinji orna çykdy. Şeýle-de Täjigistan GDA-da iň “ýaş” ýurtdur, ilatyň 71 göterimi 30 ýaşdan kiçidir. Bilermenler ýurtda köp çagaly maşgalalary döretmek däpleriniň gaýtadan dikelýändigini belleýärler. Soňky ýyllarda Täjigistanda ömrüň dowamlylygy bir ýarym essä golaý ýokarlandy. Ol erkek kişilerde 75, zenanlarda bolsa, 78 ýaşa deňdir.