«Time» žurnalynyň Statista analitik platformasy bilen bilelikde neşir eden «World’s Best Companies» atly ýyllyk reýtinginde «Apple» kompaniýasy 100 baldan 93,16 bal alyp dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň üçlügine gaýdyp gelmegi başardy. Şol sanda bu üstünlige iýul aýynda girdejisiniň 2021-nji ýyldan bäri iň gowy görkeziji bolup ýyllyk hasabynda 10% artmagy we maliýe ösüşiniň «Time» tarapyndan ýokary baha eýe bolmagy uly täsir ýetirdi.
Sanawyň iň ýokary basgançagyny 97,51 bal bilen «Nvidia» çeken bolsa, ikinji orny 94,17 bal toplan amerikan lukmançylyk hyzmatyna we ätiýaçlandyryşa ýöriteleşen «Cigna» kompaniýasy eýeledi, umumy reýtingde bolsa dördünji orny «Meta Platforms», bäşinjini «Astrazeneca», altynjyny «Microsoft», ýedinjini «Deutsche Telekom», sekizinji we dokuzynjylary degişlilikde «Accentura» hem-de «McKesson» eýeläp, emeli aň ulgamlary üçin prosessorlara islegiň artmagy sebäpli onlugy AMD kompaniýasy jemledi.
Tehnologiýa pudagynyň beýleki iri wekillerinden «Alphabet» (Google) 12-nji, «Amazon» 39-njy, «Lenovo» 51-nji, «Samsung Electronics» 84,44 bal bilen 153-nji, TSMC bolsa 83,76 bal bilen 182-nji orunlarda ýerleşdi, «Intel» korporasiýasy bolsa bu gezek sanawa umuman girip bilmedi.
«Time» tarapyndan sanaw düzülende işgärleriň kanagatlanma derejesi, soňky üç ýylyň dowamynda girdejiniň ösüş depgini we daşky gurşawa täsiri nukdaýnazaryndan durnuklylyk ýaly esasy üç görkeziji seljerildi.
Işgärleriň kanagatlanma derejesi boýunça aýratyn reýtingde «Apple» birinji orny eýeleýän «Microsoft»-dan we ikinji orundaky IBM-den yza galyp üçünji orunda ýerleşen bolsa, 2024-nji ýylda ekologiýa aýdyňlygy kategoriýasynda liderlik eden korporasiýa bu gezek şol reýtingde 24-nji orna düşdi.
PDF







