Ýewropa Bileleşiginde emeli aňyň ulanylyşyny düzgünleşdirmek hakynda dünýäde ilkinji kanun kabul edildi. Kanunyň düzgünleri emeli aňyň ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny kepillendirmelidir, şeýle-de raýatlaryň esasy hukuklarynyň berjaý edilmegini üpjün etmelidir.
Kabul edilen kanuna laýyklykda, emeli aňyň esasyndaky ulgamlary dört sany “töwekgelçilik kategoriýasyna” böldüler. Her bir topar üçin çäklendirmeler we gözegçilik çäreleri girizildi. Mysal üçin, ulgamy işläp düzüjiler neýroulgam tarapyndan döredilen tekstleri, sesleri we şekilleri nyşanlamalydyr.
“Ýokary töwekgelçilikli” programmalar üçin has berk düzgünler girizildi. Olaryň arasynda şahslaryň ýüzlerini demir ýol menzillerinde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde anyklamak ýaly programmalar hem bar. Geljekde bu tehnologiýalary ulanmak üçin kazyýetiň karary gerek bolar.