Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen ykdysady mümkinçiliklerini ösdürmek bilen, geljek üçin ösüşiň tapgyrlaryny ynamly meýilleşdirýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, Döwlet býujeti ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan bedew batly ösüşiniň wajyp maliýe serişdesine öwrülýär. Türkmenistanyň Döwlet býujeti kanun derejesinde kabul edilýär we hökmany amal edilmeli wezipe bolup durýar. Döwlet býujetinde Türkmenistanyň indiki ýyl üçin ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary kesgitlenilýär.
26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyna hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýyl üçin esasy maliýe meýilnamasyny döretmek meselesi barada hasabaty diňläp, ýurdumyzyň täze ýyl üçin Döwlet býujetinde öňküsi ýaly, durmuş ulgamyna aýratyn üns beriljekdigini belledi.
Türkmenistanyň geljek ýyl üçin Döwlet býujeti düzülende, milli Liderimiziň ykdysady strategiýasynda kesgitlenen ilkinji nobatdaky wezipeler, milli özgertmeler maksatnamalary, “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy”, şeýle hem beýleki milli, döwlet, sebit we pudak maksatnamalary nazara alnandyr. 2018-nji ýylda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy strategik maksatlaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanylan taslamada önümçilikleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, bäsdeşligi artdyrmak, ýurdumyzyň ösüşiniň ykdysady depginlerini saklamak, maýa goýumlaryny işjeňleşdirmegi yzygiderli üpjün etmek, täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň durmuş goraglylygyny berkitmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak göz öňünde tutulýar.
Geljek ýylda obasenagat toplumyna goýberilýän serişdeleri esasan önümçilik maksatly desgalaryň, şol sanda ýurdumyzyň suw hojalygyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan desgalaryň gurluşygyna, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet býujeti taýýarlananda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen karz serişdeleriniň möçberini artdyrmaga hem aýratyn üns berler. Hormatly Prezidentimiz kiçi önümçilikleri höweslendirmek, ýola goýmak we ösdürmek boýunça çäreleri göz öňünde tutmagyň wajypdygyny belledi.
Döwlet çykdajylarynyň netijeli ulgamyny döretmek maksady bilen kabul edilýän bu möhüm we esasy maliýe resminamasy bolan Döwlet býujeti, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge, döwletimiziň durmuş we beýleki ulgamlarynda özgertmeleri ilerletmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Yzygiderli durmuşa geçirilýän makroykdysady syýasat jemi içerki önümiň möçberlerini ýokary depginler bilen artdyrmaga mümkinçilik berýär. Jemi içerki önümiň durnukly ösüşi ýurdumyzyň uzak möhletleýin geljegi üçin ösmegini göz öňünde tutýan strategik maksatnamalary durmuşa geçirmek arkaly gazanylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösmegi iri möçberli durmuş maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak şol maksatnamalaryň esasy ugry bolup durýar. Milli Liderimiziň oýlanyşykly ykdysady strategiýasy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün edýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Iki sany esasy görkeziji: birinjiden, jemi içerki önümiň artmagy; ikinjiden, ortaça zähmet haklarynyň möçberleriniň köpelmegi halkymyzyň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýär. Täze gurlan desgalaryň ulanmaga berilmegi netijesinde, ýurdumyzda täze iş orunlarynyň döredilmegi giň gerimli milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Durmuş ulgamynda zähmet haklarynyň we ilatyň beýleki girdejileriniň ýokarlandyrylmagy, adamlaryň saglygynyň pugtalandyrylmagy we ömrüniň dowamlylygynyň artdyrylmagy babatda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Geljekde hem halkyň bilim derejesini, aň-bilim we medeni kuwwatyny ýokarlandyrmak, ýaşaýan ýerlerine garamazdan, raýatlaryň ählisi üçin durmuş hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak, ýaşlar syýasatyny işjeňleşdirmek, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Her ýylda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary yzygiderli ýokarlandyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň geljek ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda hem giňişleýin durup geçdi hem-de ony doly işläp taýýarlamak babatynda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Nesip bolsa, bu ýyl kabul ediljek 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujeti Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talabyna laýyk gelýän, bäsleşige ukyply, kuwwatly milli ykdysadyýeti kemala getirmek baradaky ykdysady strategiýada bellenen wezipeleri durmuşa geçirmeklige ýardam eder.
Aýna Rejepowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.