Elektroulag öndürmäge ýöriteleşen “Tesla” kompaniýasy Hindistan bazaryna girmegi meýilleşdirýär. Ýurtda salgyt ulgamynyň ýeňil bolmagy muňa mümkinçilik berýär. Hindistan daşary ýurt kompaniýalarynyň ýeňillikden peýdalanmaklary üçin 500 million dollardan köp maýa goýum goýmagy talap edýär. Şeýle hem elektroulag öndürijileri ulag üçin gerekli bölekleriň azyndan dörtden birini ýerli öndürijilerden üpjün edilmegi şert edilýär. Ýurtda nebit importyny azaltmak hem-de howanyň hapalanmagynyň öňüni almak maksady bilen elektroulag önümçiligine uly ýeňillik döredilýär. Ýurtda 2030-njy ýyla çenli satylýan ulaglaryň 30 göteriminiň elektrik energiýasy bilen işleýän bolmagy maksat edinilýär. Häzirki wagtda “Tesla”-nyň ABŞ-nyň daşynda Meksikada, Germaniýada hem-de Hytaýda önümçilik desgalary bar. Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda öndürilen ulaglar bolsa, diňe bu ýurtda däl, eýsem, günorta-gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlaryna hem iberilip bilner.

Yhlasmyrat Agamyradow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.