Fransiýanyň çempionatynda sanawyň lideri PSŽ yzly-yzyna alnan 3 deňlikden soň myhmançylykda “Monpelieni” 6-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda 22-nji, 50-nji we 63-nji minutlarda tapawutlanan Kilian Mbappe het-trik edip, onuň PSŽ-däki gollarynyň sany 250-ä ýetdi. Ol PSŽ bilen “Ligue 1”-de 200-nji duşuşygyny geçirdi. Soňky gezek noýabr aýynda “Milandan” utulan PSŽ ähli ýaryşlary hasaba alanyňda 24 oýundan bäri ýeňilmän gelýär.
Tuluza – Lion: 2-3 (Dallinga 53, Sierro 58 p – Lakazett 33, Şerki 77, O’Braýan 81),
Nant – Strasbur: 1-3 (Jömert 36 – Gameýro 3, Emegha 62, 78),
Lans – Nissa: 1-3 (Wai 76 – Moffi 11, 67 p, Turam 53),
Brest – Lill: 1-1 (Satriano 80 – Dewid 67),
Klermon – Le Hawr: 2-1 (Çam 12, 45+4 p – Aýew 45+1),
Monako – Loriýan: 2-2 (Mendi 27 ö.d., Fofana 60 – Singo 1 ö.d., Bakaýoko 90+5),
Reýms – Mets: 2-1 (Diakite 3, Ito 79 – Atta 14),
Renn – Marsel: 2-0 (Terrie 21, Burižo 78 p),
Monpelie – PSŽ: 2-6 (Norden 30, Sawanie 45+1 p – Witinýa 14, Mbappe 22, 50, 63, Li Kan In 53, Mendeş 89)