Portugaliýanyň çempionatynda häzirki wagtda paýtagt Lissabon şäheriniň wekili “Sporting” 1 oýny kem 65 utuk bilen sanawyň başyny çekip gelýär. Topar 2-nji ýerdäki “Benfikadan” 1 utuk öňde barýar. “Sporting” toparynyň şeýle başarnyk gazanmagynda tomusda transfer edilen şwesiýaly hüjümçi Wiktor Dýokereşiň (Viktor Gyökeres) goşandy uludyr. 25 ýaşyndaky oýunçy çempionatda 22 gol bilen iň köp pökgi geçirenleriň sanawynda 1-nji orunda barýar. Ol şu möwsümde “Sportingiň” düzüminde 39 oýunda meýdança çykyp, 50 gola gönümel goşant goşdy. Ol 39 oýunda 36 gol geçirip, 14 goluň hem pasyny berdi.

“Sporting” topary ony tomusda Angliýanyň “Kowentri Siti” toparyndan 21 million ýewro transfer edipdi. Şol döwürlerde onuň transfer bazaryndaky bahasy gymmaty 13 million ýewro möçberindedi. Ýöne häzirki wagtda transfer bahasy 55 million ýewro diýlip kesgitlenen oýunçynyň “Sporting” bilen 2028-nji ýyla çenli şertnamasy bar. Şwesiýanyň milli ýygyndysynda 19 oýunda 5 gol geçiren asly wengriýaly Dýokereş karýerasyna ýurdunyň “Brommapoýkarna”, “Braýton”, “St. Pauli”, “Swansi ýaly klublaryň köýnekçesini geýdi.

Gün geçdigiçe oýunçyny transfer etmek isleýän klublaryň sany artyp, esasan hem iňlis toparlary onuň bilen içgin gyzyklanýar.