Ýaponiýanyň kompýuter önümçiligine ýöriteleşen “Sanwa Supply” kompaniýasy aýak bilen işlemäge niýetlenen “400-MA179” klawiaturasyny çykardy. “400-MA179” klawiaturasy “USB Type-A” standart porty arkaly personal kompýutere birikdirilýär we aýak bilen basylýan pedalyň üsti bilen düwmeleriň üçüsini ulanmaga mümkinçilik berýär. Olar basyşlary hasaba almak üçin döredildi we basyş sesnsorlary bar. Şol sebäpden hem, ony ýaryş oýunlarynda ulanyp bolmaýar. “Tom’s Hardware” tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, pedallaryň her birini adaty klawiatura düwmeleriniň islendiginiň mümkinçilikleri ýa-da olaryň kombinasiýasy bilen programmirläp bolýar. Bu aýratynlyk wideo oýunlarynda-da, iş mümkinçiliklerinde hem peýdaly bolup biler. Täsin enjam stoluň aşagynda ýeňillik bilen hem-de ykjam ýerleşýär. Enjamyň ölçegi 14,8-den 5,5-e hem-de 1,8 dýuýma çenli bolup durýar, kabeliň uzynlygy 6 funtdan gowrak. Agramy bolsa bary-ýogy 0,75 funt.

Şanazar HYDYROW, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň ýaşaýjysy