Ýaz paslynyň gelmegi bilen bellenilýän iň naýbaşy baýramlaryň biri hem Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz günüdir. Şol gün demirgazyk ýarym şarda bahar paslynyň ilkinji güni başlanýar. Nowruz gününiň dabarasy Aziýadan başlap, Günorta-Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Ural dag gerişlerine çenli uzaýar. Nowruz güni 3 müň ýyldan gowrak wagt bäri Gündogar halklary tarapyndan bellenilip gelinýän iň gadymy baýramlaryň biri bolup, durmuş bilen tebigatyň aýrylmaz sazlaşygyny, täzelenişi hem-de tebigatyň gaýtadan janlanyşyny aňladýar.
Nowruz güni birek-birege hormat goýmak, parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek esasynda bellenilip geçilýär. «Täze gün» diýmegi aňladýan Nowruz baýramçylygynda milli tagamlar taýýarlanylyp, köpçülige hödür-kerem edilýär. Esasan hem, bahar baýramynda ene-mamalardyr gyz-gelinler üýşüp, däp bolan baýramçylyk tagamyny – semeni taýýarlaýarlar. Semeni bişirilende doga-dilegler edilip, geljek ýylyň bereketli, hasylly, jan saglykly we agzybirlikli ýyl bolmagy arzuw edilýär. Bugdaý dänesiniň şinesinden taýýarlanýan bu tagamy bişirmek we datmak sogap hasaplanýar. Nowruzda täze egin-eşikleri geýmek hem, täze ýylyň şowly bolmagyny aňladýan ynançlaryň biri bolup, maşgala agzalary biri-birine geýim-gejimleri sowgat edýärler. Gündogar halklarynyň käbirinde baýramçylyk güni gyzyl reňkli egin-eşikleri geýip, tans etmek we aýdym aýtmak dessurlary bar. Käbir halkda çemçe-çanakly goňşularyňa aýlanmak, otdan bökmek we sallançakda uçmak ýaly däpler hem bar.
Ynsanlary birek-birege ýakynlaşdyrmakdaky, halklary ynsanperwerlik we raýdaşlyk ýörelgeleri esasynda jebisleşdirmekdäki orny göz öňünde tutulyp, 2009-njy ýylda Nowruz baýramynyň geçiriliş däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylda bolsa, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde 21-nji marty «Halkara Nowruz güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Munuň özi Nowruz baýramynyň adamzat gymmatlygy hökmünde ähmiýetini has-da artdyrdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň guramagynda, şeýle hem dürli ýurtlarda Halkara Nowruz gününe bagyşlanyp dürli medeni çäreler geçirilýär. Tagam taýýarlamak, çarwalaryň at üstündäki ýaryşlary, mergençilik ussatlygy, göreş tutmak, at çapdyrmak ýaly dürli ýaryşlar baýramçylyk gününiň joşgunyny artdyrýar. Maslahatlardyr konferensiýalarda Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň medeni mirasy, onuň gadymylygy barada çykyşlar diňlenilýär. Milli däp-dessurlaryň, medeni gymmatlyklaryň dürli nusgalaryna bagyşlanan sergiler guralýar. Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny we edim-gylymlaryny özünde jemleýän naýbaşy baýramlaryň biridir.