Indoneziýanyň baş saýlaw komissiýasy Goranmak ministri Prabowo Subiantony ýurtda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiji diýip yglan etdi. Bu barada “Detik” portaly habar berdi. Prabowo Subianto 58,6 göterim sese eýe bolup, bu ýagdaý saýlaw bäsleşiginde bir tapgyrda ýeňiş gazanmaga mümkinçilik berdi. Ol Indoneziýanyň 38 welaýatynyň 36-synda, şeýle hem daşary ýurtlarda ýeňiş gazandy.
Saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, Prabowo Subianto 96 million 214 müň 691 ses, Jakartanyň öňki gubernatory Anis Baswedan 40 million 971 müň 906 ses we Merkezi Ýawanyň öňki häkimi Ganjar Pranowo 27 million 40 müň ,878 sese eýe boldy.
204 milliondan gowrak adamyň ses bermäge hukugy bolan Indoneziýadaky saýlawlar dünýädäki iň uly göni saýlaw hasaplanýar. Ses bermek 820 müňden gowrak saýlaw uçastogynda geçirildi. Saýlanan Prezident we wise-prezident oktýabr aýynyň 20-sine kasam kabul edip wezipesine girişerler. Häzirki döwlet Baştutany Joko Widodo 10 ýyl bäri Prezident wezipesini eýeläp, üçünji möhlete dalaş etmäge hukugy ýok.
Indoneziýa Respublikasy Günorta-Gündogar Aziýada ýerleşýän döwlet bolup, 274 milliona golaý ilaty bar. Ýurt 34 sany dolandyryş-çäk birliklerine bölünýär. Ýurt Malaý arhipelagynda ýerleşip, onuň kenarlaryny Ýuwaş we Hindi ummanlary ýuwýar. Ýurt 1945-nji ýylyň 17-nji awgustynda garaşsyzlygyny jar edýär.