Arheologlar birnäçe ýyldan bäri uly piramidany kimleriň gurandygy we mundan 4 500 ýyl ozal şeýle agyr daşlaryň ol ýere nireden, nädip getirilendigi barada ylmy barlaglary geçirýärler. Häzire çenli piramidalary gurmakda ulanylan daşlaryň Giza şäheriniň 800 kilometr günortasyndaky Luksor şäherinden getirilendigi çaklanylýardy. Emma olaryň nädip daşalandygy doly anyklanmandy. Golaýda Al-Jafr jülgesinden tapylan ýazuw çeşmesi bu daşlaryň Nil derýasy arkaly daşalandygyny görkezýär. “Müsüriň uly piramidasy: täze delil” atly dokumental filmde müňlerçe işçiniň bu daşlary gämilere ýükläp, çylşyrymly suw ýollary arkaly bu ýere getirendigi aýdylýar. Ýazuw çeşmesinde Nil derýasynyň suwuny piramidanyň golaýyna akdyrmak üçin ýörite kanallaryň gurlandygy hem beýan edilýär. Şeýle-de hünärmenler bürünç eýýamyndaky gämi gurluşygy barada hem täze maglumatlary topladylar. Häzirki wagtda Müsüriň paýtagty Kairiň golaýyndaky Giza şäherinde jemi 6 sany piramida bolup, olar dünýäniň iň gadymy taryhy ymaratlary hasaplanýar.