Ata-enelerimiz, mugallymlarymyz bize nahardan öň hem-de soň, jemgyýetçilik ulagyndan düşenimizden soň, hajathanadan çykylandan soňra ellerimizi sabynlap ýuwmalydygymyzy aýdýarlar. Bu biziň saglygymyz üçin örän ähmiýetli. Sebäbi elimizi köplenç ýüzümize degirýäris ýa-da iýip içmek üçin ulanýan gaplarymyzy elleýäris. Eýsem, elimiziň arassa bolmagy üçin ony nähili ýuwmaly?! Köp adam ýyly (hatda gyzgynrak) suwuň has gowy arassalaýjy häsiýetiniň bardygyna ynanýar. Gyzgynlygyň bakteriýalary öldürýändigi hakykat. Emma bakteriýalary ýok etmek üçin elimiziň çydap biljek derejesinden has ýokary gyzgynlykdaky suw gerek. ABŞ-nyň Florida ştatynda geçirilen barlaglarda 4,4-50 dereje arasynda dürli gyzgynlykdaky suwda el ýuwlanda, olaryň bakteriýany aýyrmakda tapawudynyň ýokdugy ýüze çykaryldy. Muňa garamazdan, hünärmenler mylaýym suw bilen el ýuwlanda, onuň arassalygynyň kadaly bolýandygyna ünsi çekýärler. Ýagny ýyljak suw elimizi mazaly ýuwmaga we arassalamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem 2007-nji we 2015-nji ýyllarda geçirilen ylmy barlaglarda antibakteriýal sabynyň bakteriýalary azaltmak ýa-da ýokançly alamatlaryň öňüni almak babatda beýleki sabynlardan artykmaçlygynyň ýokdugy ýüze çykaryldy. Hünärmenler elimizi arassa saklamak üçin eliň aýasyny, barmaklaryň arasyny, goşarlary 15-30 sekunt aralygynda ýuwmagy maslahat berýärler.
El-ýüzüňizi ýuwanyňyzda suwy tygşytly ulanmagy unutmaň!