Her bir jan­da­ryň özü­ne mah­sus reň­ki bol­ýar. Em­ma bir­nä­çe haý­wa­nyň beý­le­ki­ler­den ta­pa­wut­ly­lyk­da ak reňk­li­si hem bol­ýar. Ola­ryň ara­syn­da kro­ko­dil, ken­gu­ru, pi­ton ýa­ly dür­li jan­dar­lar bar. Ame­ri­ka­da 2 mil­li­on tö­we­re­gi kro­ko­dil bar. Ola­ryň ba­ry-ýo­gy 40-sy ak reňk­li. Kö­pü­si bolsa, haý­wa­nat bag­la­ryn­da sak­lan­ýar. Bu üýt­ge­şik kro­ko­di­le gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­le­riň sa­ny köp.
Gur­ba­ga­la­ryň ara­syn­da hem ak­la­ry ga­bat gel­ýär. Te­bi­gy ýag­daý­da bol­ma­sa-da, kä­bir gur­ba­ga­la­ryň ak gör­nüş­le­ri bar. Olar ge­çi­ri­len yl­my bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de ýüze çykarylýar. Ping­win­le­riň ara­syn­da hem ak reňk­li­si duş gelýär. Beý­le ýag­daýa mil­li­on­dan bir ge­zek ga­bat gelin­ýär. 2006-njy ýyl­da Şwe­si­ýa­nyň Es­ter­sund şä­he­ri­niň haý­wa­nat ba­gyn­da gir­de­nek oýun­baz maý­my­n dün­ýä in­di. Pri­mat­la­ryň iň ki­çi we­kil­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan bu jan­dar ada­myň gö­zeg­çi­li­gi as­tyn­da dog­lan il­kin­ji ak maý­myn ha­sap­lan­ýar. Adat­ça bu jan­dar­la­ryň bo­ýy 35 sm, ag­ra­my 100 gr tö­we­re­gi bol­ýar. Ýer ýü­zü­niň iň uly jan­da­ry ha­sap­lan­ýan Kit­le­riň ak reňk­li­si­ni il­kin­ji ge­zek 1990-njy ýyl­da Awst­ra­li­ýa­nyň kit­le­ri go­ra­mak jem­gy­ýe­ti­niň ag­za­sy Pol Hod­da gör­ýär.
Bel­ka­la­ryň ara­syn­da beý­le ýag­daý bir mil­li­on­dan on ge­zek ga­bat gel­ýär. Ola­ryň reň­ki­niň ak bol­ma­gy duş­man­la­ry ta­ra­pyn­dan aň­sat­lyk bi­len saý­ga­ryl­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Çün­ki ony ta­pa­wut­lan­dyr­mak ga­ty aň­sat bol­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, iň maý­da mör-mö­jek­ler­den äpet haý­wan­la­ra çen­li äh­li jan­dar­la­ryň di­ýen ýa­ly reň­ki ýa­şa­ýan ýe­ri­niň ösüm­lik dün­ýä­si­ne meň­zeş bol­ýar. Bu ýag­daý ola­ryň duş­man­la­ry ta­ra­pyn­dan gö­rül­me­gi­ni kyn­laş­dyr­ýar. Ger­ma­ni­ýa­nyň Ore dag­la­ryn­da hem ap-ak ke­ýi­ge ga­bat ge­lin­di. Ony gö­ren we su­ra­ta alan aw­çy­lar onuň gül­gü­ne göz­lü­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Alym­la­ryň aýtmagyna gö­rä, bu jan­dar­la­ryň ara­syn­da ak reňk­li­si ýüz müň­den bir ge­zek duş­ýar. Ken­gu­ru­la­ryň ak reňk­li­si hem seý­rek duş gel­ýär, bu jan­dar­lar Awst­ra­li­ýa­da­ky haý­wa­nat bag­la­ryn­da sak­lan­ýar. Gün­den go­ran­mak­la­ry üçin haý­wa­nat ba­gy­nyň iş­gär­le­ri ola­ra her gün­de krem çal­ýarlar. Iň howp­ly we iň uly ýy­lan­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýan pi­ton­yň ak reňk­li­si ha­ma­na gap­la­ňyň me­nek­le­ri bi­len be­ze­len ýa­ly.