Tokioda täze “Mori JP Tower” atly gökdiräniň gurluşygy tamamlandy. Maglumatlara görä, Ýaponiýanyň iň beýik binalarynyň birine öwrülen 64 gatly diňiň beýikligi 325,2 metrdir. Binanyň taslamasy “Pelli Clarke & Partners” binagärlik kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Bina Tokionyň ýaşyl baglyklary bilen meşhur bolan, gülläp-ösýän etraby “Azabudai Hills” toplumynda ýerleşýär. “Mori JP Tower” ýaşaýyş we ofis jaýlaryny özünde utgaşykly sazlaşdyrýar. Iň ýokarky 11 gatynda “Aman” myhmanhanasy ýerleşýär.
Gökdirän sebitiň seýsmiki ýagdaýy göz öňünde tutup guruldy. Binanyň özenini düzýän polat turbalary örän mäkäm beton bilen berkidilip, yranmanyň täsirini azaltmak üçin dempferler oturdylan. Taslamanyň awtorlarynyň sözlerine görä, gökdirän 9,0 bally güýçli ýertitremelerde-de adatdakysy ýaly mäkäm durar.
Muňa garamazdan, gökdirände 3600 adama niýetlenen wagtlaýyn gaçybatalga we ilkinji kömegiň enjamlary saklanýan otag bar. Bu binada diňe gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagy, onuň ýene bir aýratynlygy bolup durýar. Ýagyş suwlary ýygnalyp, ofisleriň ýerleşen gatlaryndaky hammam otaglarynda ulanylýar. “Mori JP Tower” rahatlygy, howpsuzlygy we daşky gurşaw baradaky aladalary özüne jemleýän häzirki zaman gökdiränleriniň nusgasydyr.