Geçen ýyl italýan superkar öndürijisi “Lamborghini”-iň ýyllyk iberişleri ilkinji gezek 10 müňden geçdi. Bu barada kompaniýanyň metbugat beýanatynda aýdylýar. “Lamborghini” 2023-nji ýyly dünýäde “öz taryhynyň iň gowy ýyly” diýip atlandyrdy. Kompaniýa dünýäde 10112 awtoulag satyp, girdejileri 2,66 milliard ýewro (2,91 milliard dollar) barabar boldy.