22-nji martda Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary Bosniýa we Gersegowina bilen Ýewropa Bileleşigine agzalyk gepleşiklerine başlamak barada ylalaşdylar. Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel X sosial ulgamynda “Ýewropa Geňeşi şu gün Bosniýanyň we Gersegowinanyň bileleşige goşulmagy baradaky gepleşiklere başlamak kararyna geldi” diýip belledi.
Şarl Mişel Balkan ýurduny gutlap: “Şu günki karar Ýewropa Bileleşigine barýan ýoluňyzda möhüm ädimdir” diýdi.
Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen hem Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň kararyny “taryhy” diýip atlandyrdy we möhüm kanunlary kabul etmekde, migrasiýany dolandyrmakda we gepleşikleri dowam etdirmekde Bosniýa we Gersegowinanyň öňe gidişligini belläp geçdi.
Bosniýa we Gersegowina 2016-njy ýylda Ýewropa Bileleşigine agza bolmak üçin ýüz tutdy we resmi taýdan 2022-nji ýylyň dekabrynda dalaşgär derejesine eýe boldy.
Esasy Dünýä täzelikleri Bosniýa we Gersegowina bilen Ýewropa Bileleşigine agzalyk gepleşiklerine başlanar