Alžiriň Prezidenti Abdelmadjid Tebbun 2024-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda möhletinden öň Prezident saýlawlaryny geçirmek barada karara geldi. Bu barada Alžir radiosy habar berdi.
Döwlet Baştutany saýlawlaryny geçirmek baradaky meseläni parlamentiň başlygy, Konstitusiýa kazyýetiniň başlygy, Premýer-ministr, Milli halk goşunynyň ştab başlygy, prezidentiň diwanynyň başlygy, içeri işler ministri we garaşsyz milli saýlaw toparynyň başlygynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda ara alyp maslahatlaşdy.
Alžirde öňki Prezident saýlawlary 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilipdi. Şonda Tebbun saýlawçylaryň 58 göteriminiň goldawyna eýe bolupdy. Onuň bäş ýyllyk möhleti şu ýylyň dekabr aýynda gutarýar. Möhletinden öňki saýlawlary geçirmegiň sebäpleri habar berilmedi. Şeýle hem, Tebbunyň saýlawlara gatnaşmak üçin özüniň dalaşgärligini hödürlemek isleýändigi ýa-da ýokdugy belli däl.
Alžir Halk Demokratik Respublikasy – Demirgazyk Afrikada, Ortaýer deňziniň basseýniniň günbatar bölegindäki, çäkleri boýunça iň uly Afrika döwletidir. Alžir günbatarda Marokko, günorta-günbatarda Mawritaniýa we Mali, günorta-gündogarda Nigeriýa, gündogarda Liwiýa we Tunis bilen serhetleşýär. Ýurduň çäginiň köp bölegi Sahara çölünde ýerleşýär. Ýurduň ilaty 48 milliondan gowrakdyr.