«Apple» kompaniýasy geljekde «iPhone» smartfonlarynda «Google»-iň emeli aň tehnologiýasyny ulanmaga maksat edinýär. Bu habar ýaýradylandan soňra kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy gymmatlady. «Gemini» atly emeli aň tehnologiýasy söhbetdeşlik programmalarynda, kodlaýjy kömekçilerde ulanylýar. «Google»-a eýeçilik edýän «Alphabet»-iň A klasyna degişli paýnamalary 5,52 göterim, C klasyna degişli paýnamalary 5,39 göterim gymmatlady. «Apple»-iň paýnamalarynyň gymmaty bolsa, 1,38 göterim artdy.
«Apple» «iPhone» smartfonlary üçin işlenip taýýarlanan «iOS 18»-i iýun aýynda tanyşdyrmagy mümkin. Mundan ozal tehnologiýa ägirdi beýleki emeli aň öndürijisi bolan «OpenAI» bilen hem gepleşik geçiripdi.