Oktýabr aýynyň 9-yna bütin Russiýada XX asyryň romantik şahyry Marina Swetaýewanyň doglan gününiň 125 ýyllygy bellenip geçildi. Onuň ýubileýi mynasybetli ýurduň ähli künjeklerinde ýüzlerçe çäreler guraldy. Çäräniň iň ulusy bolsa, onuň doglan ýeri Moskwada geçirildi.
Rus şahyry, kyssaçysy we terjimeçisi – Marina Swetaýewa 1892-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Moskwa uniwersitetiniň professory Iwan Swetaýewiň maşgalasynda dünýä inýär. Onuň çagalyk ýyllary Moskwada we Kaluž oblastyndaky uly bolmadyk şäherçe – Tarusda geçýär. Ol bary-ýogy 14 ýaşyndaka ejesi ýogalýar we ýene-de ýedi ýyldanam kakasyndan mahrum galýar. Marina Moskwadaky hususy gimnaziýada, soňra bolsa, Ýewropanyň hususy mekdeplerinde okaýar. Şahyr zenan has irräk alty ýaşynda goşgy goşup başlaýar. Ol diňe bir rus dilinde däl, eýsem, fransuz we nemes dillerinde hem goşgy düzüpdir.
Onuň ilkinji goşgular ýygyndysy “Agşamky albom” ady bilen 1910-njy ýylda neşir edilýär. Bu kitap şol döwrüň meşhur ýazyjylarynyň köpüsiniň ünsüni özüne çekipdir. Ýene-de ýyl ýarymdan “Jadyly fonar” ýygyndysy peýda bolýar. Şol döwürde Swetaýewa moskwaly simwolizmiň tarapdarlarynyň gurnagyna goşulýar we olaryň guraýan duşuşyklaryna gatnaşýar. Ol 1911-nji ýylda Sergeý Efon bilen tanyş bolup, bahym maşgala gurýar. Şahyr zenanyň üçünji kitaby bolan “Iki kitap” 1913-nji ýylda neşir edilýär.
1917-nji ýydaky wakalar şahyr zenanyň döredijiligine güýçli täsirini ýetirýär. Swetaýewa şol ýyllar “Guw sürüsi” diýen şygyrlar ýygyndysynyň üstünde işleýän eken. Ol 1922-nji ýylda gyzy Ariadno bilen Praga gidýär. 1925-nji ýylda olaryň tutuş maşgalasy Pariže göçüp barýar. Ol ýerde Swetaýewa belli-belli sebäplere görä, kitap neşir etdirmegini bes edýär. Ol diri wagty “Russiýadan soň” atly iň soňky ýygyndysyny çap etdirýär.
Marina 1939-njy ýylda watanyna dolanyp gelýär. Ol şahyrana terjimeleri bilen gazanç edip ugraýar. Ikinji jahan urşy başlandan soň, ogly bilen Ýelabuga göçüp gidýär. Şahyr zenan 1941-nji ýylyň 31-nji awgustynda aradan çykýar. Bu şahyr zenanyň keç ykbaly rus edebiýatynyň taryhynda çuňňur yz galdyrypdyr. Häzirki wagtda Marina Swetaýewanyň döredijiligine bagyşlanan muzeý öýler Moskwada we Russiýanyň beýleki şäherlerinde bar.