Wizitka rekord bahadan satyldy

93

Stiw Jobsuň goly goýlan seýrek “Apple Computer” wizit kartoçkasy auksionda 180 müň dollara satyldy. Bu barada Bostonyň “RR Auction” auksiony habar berdi. “MacRumors” portaly munuň rekord bahadygyny belleýär.
1983-nji ýyl bilen senelenýän wizit kartoçkasynda “Apple”-iň köne logotipi şekillendirilipdir. Şeýle-de wizit kartoçkasynda kompaniýanyň öňki salgysy hem-de Stiw Jobsuň müdirler geňeşiniň başlygy hökmünde ady görkezilipdir.