Formula 1 boýunça möwsümiň 3-nji bäsleşigi Awstraliýanyň Melburn şäherindäki Albert Park trassasynda geçirildi. 58 aýlawdan ybarat bolan ýaryşa “Red Bull” toparynyň niderland sürüjisi 1-nji bolup başlasa-da, “Ferrari” toparynyň ispaniýaly piloty Karlos Saýns Junior ýeňiş gazandy.

Werstappen eýýäm 3-nji aýlawda ulagynyň togtadyjysynda emele gelen näsazlyk sebäpli ýaryşy dowam etdirip bilmän, bäsleşikden çykdy. Yzly-yzyna 9 ýaryşdaky ýeňişli ýörişi soňlanan Werstappene soňky sapar 2022-nji ýylda Awstraliýada bäsleşigi tamamlamak başartmandy.

Ýaryşda 1 sagat 20 minut 26,843 sekuntda pellehana gelen “Ferrari” toparynyň ispan piloty Karlos Saýns Junior ýeňiş gazandy. Bu onuň karýerasyndaky 3-nji ýeňşi bolup, ol şu möwsümde ilkinji gezek münberiň çür depesine çykdy. “Ferrariniň” monakoly sürüjisi Şarl Lekler topardaşyndan 2,366 sekunt yza galyp, 2-nji orna mynasyp boldy. “Ferrari” toparynyň sürüjileri 2 ýyldan soň 1-2-nji orunlary eýelediler.

Ýeňijiden 5,904 sekunt soň pellehanadan geçen “McLaren” toparyndan britaniýaly Lando Norris 3-nji, onuň awstraliýaly topardaşy Oskar Piastri 4-nji orna mynasyp boldy. “Red Bull” toparyndan meksikaly Serhio Peresiň 5-nji bolan ýaryşynda kanadaly Lans Stroll (“Aston Martin”) 6-njy, ýaponiýaly Ýuki Tsunoda (“Honda”) 7-nji, ispaniýaly Fernando Alonso (“Aston Martin”) 8-nji ýeri eýeledi. “Haas” toparynyň sürüjileri germaniýaly Niko Hulkenberg bilen daniýaly Kewin Magnusson 9-10-njy orunlary eýeläp, ýaryşda utuk gazanan pilotlar boldy.

Williams toparynyň bir sürüji bilen gatnaşan ýaryşynda “Mercedes” toparynyň britan sürüjisi Lýuwis Hamilton hem Werstappen ýaly ýaryşy tamamlap bilmedi.

Geçirilen 3-nji ýaryşdan soň Werstappeniň 51 utuk bilen liderligi dowam edýär. Lekler 47, Peres 46 utuk bilen 2-3-nji orunlary paýlaşýarlar.

Möwsümiň 4-nji “Gran Prisi” 7-nji aprelde Ýaponiýanyň Suzuka şäherinde geçiriler.