Germaniýanyň çempionaty “Bundesligada” iň aşaky orunda barýan “Borussiýa M” topary möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy. Myhmançylykda “Ştutgart” bilen duşuşan mönhengladbahlylara ilkinji ýeňşi üçin 7 duşuşyk gerek boldy. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri Demirowiçiň 5-nji minutdaky goly bilen öňe geçse-de, olara üstünligi saklamak başartmady. 1-nji ýarymyň ahyrlarynda, 2-nji ýarymyň başlarynda 3 gol geçiren “Borussiýa M” toparynyň adyndan 38-nji minutda Skalli, 51-nji minutda Matino hem-de 66-njy minutda Mohiýa tapawutlandy. Oýnuň 83-nji minutynda Demirowiçiň geçiren 2-nji goly “Ştutgart” toparyna ýeňiş üçin ýeterlik bolmady. Şunlukda, 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan “Borussiýa M” topary ilkinji 3 utuga eýe boldy. Aleksander Blessiniň tälimçiligindäki “Borussiýa M” topary 7 oýunda 3 utuk bilen iň aşaky orunda barýar. Bu oýna çenli olaryň ýeke deňligi hem ýokdy.