Hepdäniň ýekşenbe gününden duşenbe gününe geçilýän gije ýarygijeden soň, ýagny ertir gije Ispaniýada “Barselona” bilen “Real Madridiň” arasynda nobatdaky “El Klasiko” duşuşygy oýnalar. Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlanjak oýun “Camp Nou”-da geçiriler. Çempionatda 9 tapgyrda-da ýeňiş gazanan “Barselona” duşuşygyň esasy faworiti hasaplanýar.
Bu oýun iki toparyň çempionatdaky, ýagny “La Ligadaky” 193-nji duşuşygy bolup, mundan öňki 192 oýunda “Real Madrid” 80, “Barselona” 77 gezek ýeňiş gazandy (35 deňlik). Gollarda “Barselona” 312–309 öňde barýar.

Umumylykda bu iki toparyň resmi ýaryşlary hasaba alanyňdaky 265-nji “El Klasikosy” bolar. Resmi oýunlarda iki toparyň hem 106 ýeňşi bolup, 52 oýun deňlikde tamamlandy. Resmi oýunlarda “Real Madrid” 444, “Barselona” 441 gol geçirdi. Resmi oýunlar bolan “La Liga”, Ispaniýanyň Şa Kubogy, Ispaniýanyň Super Kubogy, “La Liganyň” Kubogy, UEFA Çempionlar Ligasy hem-de Koronasion Kubogy ýaryşlarydyr. Häzirki wagtda olaryň ikisi – “La Liganyň” Kubogy hem-de Koronasion Kubogy ýaryşlary geçirilýär. Koronasion Kubogy ýaryşy iki toparyň arasyndaky ilkinji oýnuň hasaba alnan bäsleşigi bolup, şol duşuşyk 1902-nji ýylyň 13-nji maýynda oýnalýar. Şol oýun “Barselonanyň” esaslandyrylmagyndan 3 ýyl gowrak wagt, “Real Madridiň” esaslandyrylmagyndan bolsa 2 aý soň geçirilip, duşuşyk katalonlaryň 3-1 hasabynda ýeňşi bilen tamamlanýar.
Resmi däl oýunlary goşaňda, ýagny iki toparyň arasyndaky ýoldaşlyk duşuşyklary-da hasaba alanyňda, olaryň özara duşuşyklarynyň umumy sany 307-ä ýetýär. Şolarda “Barselona” 131, “Real Madrid” 112 gezek ýeňiş gazanýar (64 deňlik). Ýagny 43 resmi däl duşuşygyň 25-sinde “Barselona” ýeňip, 6-synda “Real Madrid” utýar (12 deňlik). Ýoldaşlyk duşuşyklarynda “Barselona” 106, “Real Madrid” 56 gol geçirýär.
Ýeri gelende bellesek, Žoze Mourinio “Real Madriddäki” birinji tälimçilik döwründäki ilkinji “El Klasikoda” ýatdan çykmajak hasap bilen asgyn gelipdi. 2010-njy ýylyň 29-njy noýabryndaky şol oýunda “Barselona” öz meýdançasynda “Real Madridi” Hawi, Pedro, Dawid Wilýa (2) hem-de Jeffren dagynyň gollary bilen 5-0 hasabynda ýeňipdi.
Bu gezekki oýunda “Real Madride” 4 oýunlyk jerime alan Winisius Junior oýnamaz. “Barselonada” bolsa Dani Olmonyň meýdança çykmagyna garaşylanok.
PDF








