Iňlis we hytaýly hünärmenler az çykdajyly, has netijeli işleýän Gün panelini işläp taýýarladylar. Bu paneliň kagyzdan hem ýukadygy mälim edildi. Iki taraply Perowskit Gün öýjükleri (PSC) iki tarapdan hem ýagtylygy “tutup”, has köp energiýa öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu açyşy Angliýadaky Surreýa we Kembrij uniwersitetleriniň hem-de Hytaýyň ylymlar akademiýasynyň, Sidian we Ženžou uniwersitetleriniň alymlary bilelikde amala aşyrdylar. Bellenilişine görä, täze Gün panelini öndürmek adaty usuldakydan 70 göterim arzan düşýär. “Nature Communications” žurnalynda habar berlişine görä, bu paneliň diňe özüne düşýän bahasy däl, eýsem, elektrik önümçiligi hem arzan düşýär. Adaty Gün panellerinde köplenç, silikon materiallardan peýdalanylýar. Täze oýlanyp tapylan panel bolsa, uglerod nanoballonlardan öndürilip, ýokary derejede dury bolmagy bilen tapawutlanýar. Şeýle hem bu panel ozalkylardan has dury. Paneliň galyňlygy bary-ýogy 2,2 nanometre barabar. Onuň 45 müň sanysyny goýanyňda-da kagyzdan ýuka bolýar. Paneliň her bir inedördül metri 360 wat elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Adaty Gün panellerinden bu görkeziji 200 wat.
Bagtygül Rahymowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.