Dünýäniň ilkinji gysylan tebigy gazly (CNG) gämisi Hytaýdan Indoneziýa tarap ugur aldy. Kenarýaka Sidun şäherinden ýola çykan gämide 700 müň kub metr tebigy gaz bar. Gäminiň Indoneziýadaky birnäçe adany gaz bilen üpjün etjekdigi mälim edildi. Gämi ýurduň adalaryndaky energiýa desgalaryna has köp isleg bolan döwürlerinde gaz paýlar. Özi hem tebigy gaz bilen işleýän gäminiň uzynlygy 110 metre barabar. Ýokary tehnologiýa talap etmeýän bu usulda tebigy gaz basyşly konteýnerleriň içinde adaty temperaturada saklanýar. Gysylan tebigy gaz ulanmak suwuklandyrylan tebigy gaz ýaly, suwuklandyryjy we soňundan gaz halyna getiriji desgalara zerurlyk duýmaýar. Şeýlelikde, bu usul tebigy gazyň daşalmagynda täze usullaryň biri hökmünde öňe saýlanýar.
Kamila Dawranbekowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.