Senegalyň garşylykly taraplary, Prezident saýlawlarynyň resmi netijeleriniň entek näbellidigine garamazdan, öz dalaşgäri Bassiru Diomaýe Faýyň ýeňiş gazanandygyny mälim etdi. Bu barada EFE habar gullugy habar berdi. “Sesleriň takmynan 72 göterimi sanalanda, Faý 57,84 bilen öňde barýar” – diýip, EFE habarlar gullugy garşydaş toparyň çeşmelerine salgylanyp ýazdy. Beýleki bir dalaşgär, Senegalyň öňki Premýer-ministri Amadu Ba saýlawçylaryň 31,88 göteriminiň goldawyna eýe boldy.
Emma, Senegalyň saýlaw geňeşi “saýlaw netijeleriniň yglan edilmeginiň diňe ygtyýarly edaralaryň ygtyýaryndadygyny” ýatlatdy we netijeleriň resmi yglan edilmegine garaşmaga çagyrdy.
Şol bir wagtyň özünde, EFE çeşmelere salgylanyp, prezidentlige 13 dalaşgäriň eýýäm Faýy ýeňşi bilen gutlandygyny habar berdi. Ýekşenbe güni Senegalda geçirilen Prezident saýlawlaryna 19 dalaşgär gatnaşyp, bu ýurduň tutuş taryhynda, iň köp dalaşgär gatnaşan syýasy çäredir.
Beýleki dalaşgärleriň arasynda Amadu Ba (2022-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli Premýer-ministr bolup işledi), öňki Premýer-ministr Idrissa Sek (2002-2004) we Dakaryň öňki häkimi Halifa Sall bar. Häzirki Prezident Maki Sali ýurtda hereket edýän kanunlara görä, üçünji möhlete dalaş etmek gadagan edilýär we onuň saýlawlary ýylyň ahyryna çenli yza süýşürmek synanyşygy hem başa barmady.