Kipr Respublikasynyň daşary işler ministri Konstantinos Kombos Gazagystana sapar bilen bardy. Ol saparynyň çäklerinde Gazagystanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Murat Nurtleu duşuşyp, iki ýurduň arasynda howa gatnawyny ýola goýmak üçin memoranduma gol çekdi. Şeýle hem iki ýurduň raýatlarynyň ikitaraplaýyn wizasyz syýahatynyň ýola goýulmagy maksat edinilýär.
Taraplaryň arasynda ikiçäk we giňeldilen düzümde gepleşikler geçirildi. Murat Nurtleu, esasan, oba hojalygy, syýahatçylyk, logistika, ulag we maýa goýum ugurlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmäge üns berýändiklerini belledi. Onuň sözlerine görä, soňky 20 ýylda Gazagystana ada ýurdundan 4 milliard dollardan gowrak maýa goýumyň gelen bolsa, Gazagystanyň Kiprdäki maýa goýumynyň 1,4 milliard dollara ýetipdir.
Ýewropa Bileleşigine agza ýurduň wekiliýeti ýurduň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew tarapyndan hem kabul edildi.